Paýtagtyň ýaşaýjylary azyk harytlaryň gymmatçylygyndan şikaýat edýär

Paýtagtyň ýaşaýjylary azyk harytlaryň gymmatçylygyndan şikaýat edýär

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtda azyk harytlaryň halka elýeterliligi bilen bagly iň soňky maglumatlary ýetirýär.Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlaryndan şekeri, uny, ýumurtgany we banany irden sagat 7-8 aralygynda döwletiň kesgitlän bahasyndan satyn almak mümkin. “Uny 2 kilogramlyk gaplarda satýarlar, ýöne ol ýokary sortly un däl. Şekeriň 1 kilogramyny 9 manatdan satýarlar. Çöregiň birnäçe görnüşi bolup, olaryň bahasy 2,5 3,5 manat aralygynda bahalanýar.

Banan gaty seýrek satylýar.Onuň 1 kilogramy 6 manada barabar.Bazarda onuň 1 kilogramy 15 ýa-da ondan-da ýokary bahadan satylýar” diýip, habarçy soňky maglumatynda gürrüň berdi. Şol bir wagtda-da, ol bu azyk harytlaryny hususy eýeçilikdäki dükanlarda islendik wagt satyn alyp bolýandygyny, ýöne olaryň has ýokary bahadan satylýandygyny belleýär.

Döwlet eýeçiligindäki söwda nokatlarynda 1 kilogramy 6 manatdan satylýan bananyň hususy söwda tekjelerde 15 manatdan satylýandygyny belleýär. Ýatlasak, golaýda Türkmenistanda ýurduň Mary welaýatynda ýetişdirilen bananyň ilkinji ýerli hasylyny ýygnapdy. “Elbetde adamlar bahalardan şikaýat edýärler. Ýöne olar ýuwaş-ýuwadan öwrenişýärler.

Azyk harytlaryny hakykatdanam döwlet bahasyndan, ýagny bazardaky ýokary nyrhlardan däl-de, pes bahadan satyn almaga zerurlyk duýýan adamlar irden sagat 7-de döwlet dükanlarynyň öňüne üýşýärler.Bu ýerde nobatlar dowam edýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, döwletiň satýan gök-bakja önümleri aşakdan hususy dükanlara eltilip, ol ýerde olar has gymmat bahadan satylýar. “Esasy problema ýeter-ýetmezçilik däl, esasy problema korrupsiýa” diýip, Aşgabadyň bir ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berýär. “Meniň özüm gözlerim bilen gördüm, gije wagty banan we ýurmutga gutulary hususy ulaglara daşalýardy” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüňe dowam edýär.

Azatlygyň paýtagtly habarçysy adamlaryň gymmatçylykdan şikaýat edýändigini nygtaýar.Energiýa serişdeleriniň global arzanlamagy, şeýle-de Russiýa Eýran ýaly esasy gaz müşderilerini ýitirmegi bilen Türkmenistan tas soňky iki ýyl bäri ykdysady krizisi başdan geçirýär.

Munuň bilen baglylykda, ýurduň dürli künjeginde ýerli ilat un, çörek, şeker, ýumurtga we şuňa meňzeş esasy iýmit önümleriniň gytçylygyna we gymmatçylygyna duçar boldy.Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar barada habar bermeýär.

Döwlet emeldarlary ýurtda ykdysady kynçylyklaryň, iýmit önümleriniň gytçylygynyň we gymmatçylygynň dowam edýändigini tassyklamaýar.

Ýene degişli makalalar

28-nji awgust 3-nji sentýabr aralygynda görkeziljek filmler
28-nji awgust 3-nji sentýabr aralygynda görkeziljek filmler
Meşhur köçe tagamlary
Fransuz çörekçileri dünýäde iň uzyn baget nany taýýarladylar
Hamyrmaýa
Azyk nobatlary: Ýumurtga garaňkyda satylýar. Süýt-gatyk önümleri gymmatlaýar