Paýtagtyň ýaşaýjylary gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň öz wagtynda berilmeýändigini aýdýarlar

Paýtagtyň ýaşaýjylary gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň öz wagtynda berilmeýändigini aýdýarlar

Aşgabatdaky “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkeziniň hyzmatlarynyň hili soňky bir aýyň dowamynda göz-görtele ýaramazlaşdy diýip, paýtagtly ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýärler.

Habarçymyz saglyk pudagyndaky birnäçe işgäre salgylanyp, soňky wagtlarda paýtagtda Tiz kömek gullugyna jaň edip, gyssagly saglyk kömegini soraýan adamlaryň sanynyň görnetin artandygyny habar berýär.

“Munuň bilen baglylykda lukmanlaryň iş sagatlary hem köpeldi, lukmanlar ýygy-ýygydan nobatçylyga bellenip başlandy” diýip, bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezinde diňe agyr hassalaryň telefon jaňlarynyň, meselem, ýürek-damar şikaýatlary bilen ýüz tutýan näsaglaryň şikaýatlarynyň ileri tutulýandygyny aýdýarlar.

“Tiz kömek gullugyna jaň eden wagtyňda, telefon jaňyna jogap berýän nobatçy lukman näsagyň şikaýaty bilen gyzyklanýar. Eger-de ýürek-damar ýetmezçiligi ýaly gyssagly lukmançylyk ýardamyny ytalap edýän ýagdaý ýok bolsa, maşgala lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýärler, ýa-da ýene-de bir sagatdan jaň edip görmegi teklip edýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar paýtagtyň gaýragoýulmasyz saglyk merkezinde tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň lukmançylyk enjamlary, tiz kömek ulaglary, olaryň ätiýaç şaýlary boýunça ýardam sorap, saglyk pudagyna gözegçilik edýän hökümet başlygynyň orunbasaryna birnäçe gezek haýyşnama bilen ýüz tutandygyny aýdýarlar.

“Ýöne bu haýyşnamalara kanagatlanarly jogap berilmänsoň, saglyk edaralary emele gelen kyn ýagdaýa özbaşdak çözgüt tapmaly bolýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy çeşmelere salgylanýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri tiz kömek merkezleriniň garamagyndaky tiz kömek ulaglarynyň ep-esli böleginiň ätiýaç şaý ýetmezçiligi sebäpli, hatardan çykandygyny, işlemeýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, tiz kömek ulagynyň azalmagy bilen, ulag sürüjileri hem tölegsiz iş rugsadyna ugradylyp başlandy, iş ýüküniň artmagy zerarly öz arzasy bilen işden gidýän lukmanlar hem bar diýip, çeşmeler aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýanwaryň ahyrynda paýtagt Aşgabatda derman satyn almak üçin, öý goşlaryny, ulaglaryny satmaga mejbur bolýan adamlar barada, fewralyň başynda bolsa, Türkmenistanda gyzamyk keseliniň ýaýramagy barada habar berdiler. Şeýle-de, ýanwaryň ortalarynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde dümew keseli ýitileşdi.

Aşgabadyň “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi 2014-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Döwlet metbugaty 2022-nji ýylyň martynda “Lukmançylyk enjamlaryny bermek arkaly Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek” maksatnamasynyň çäklerinde satyn alnan lukmançylyk enjamlarynyň bu saglyk edarasyna gowşurylandygyny habar berdi.

Awgust aýynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary, şol sanda Bütindünýä saglyk guramasynyň baş edarasy, BSG-niň Ýewropa edarasy we türkmen wekilleri Aşgabatda duşuşyp, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi toparlarynyň kuwwatyny güýçlendirmegi maslahat etdiler.

Türkmenistanda, hususan-da, sebitlerde gyssagly lukmançylyk kömegini bermegiň mümkinçilikleri çäkli bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosy gyssagly lukmançylyk kömeginiň Aşgabatdaky ýagdaýy boýunça “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezinden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hajy Bekdaş Weli we Bekdaşylyk tarikaty
Lebaply ene-atalar çagalar baglarynyň iýmit üpjünçiliginden şikaýat edýärler
Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenleriň watanda galan garyndaşlary türk wizasyny alyp bilmeýär
Parahorluk habary dekanyň 'gaharyny getirdi', studentleriň 'kitaphana sürgüni' uzaldyldy
Türkmenistanda doglan lukman BSGG-niň Russiýadaky edarasynyň başlygy boldy
Diňle: Paýtagtyň ýaşaýjylary gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň öz wagtynda berilmeýändigini aýdýarlar