Peleden soň Gawi, Ispaniýa gol bolup ýagdy

Katar 2022 Dünýä Kubogynda “E” toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy Kosta Rikanyň derwezesinden gol baryny ýagdyrdy. 1-nji ýarymda 3 gol geçiren Ispaniýa 7-0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, Kosta Rikany derbi-dagyn etdi.

Ispaniýanyň gollaryny Olmo (11), Asensio (21), F.Torres (31 p, 54), Gawi (74), Soler (90) hem-de Morata (90+2) geçirip, ispanlar 1934-nji ýyldan soň ilkinji gezek 1-nji ýarymda 3 goly derwezä girizdi.

Oýnuň 74-nji minutynda tapawutlanan Gawi (18 ýaş 110 gün) Peleden soň Dünýä Kubogynda gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy.Ol umumylykda Dünýä Kubogynda gol geçiren iň ýaş 3-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Ondan öňde Pele (17 ýaş 239 gün) bilen meksikaly Manuel Rosas (18 ýaş 93 gün) bar.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Ispaniýa Kosta-Rikany derbi-dagyn etdi
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
PSŽ-niň möwsümdäki 6-njy transferi
PSŽ-niň 2 günde 3-nji transferi
PSŽ transferden doýanok ýene-de 2 oýunçyny düzümine goşdy