"Penje Bürgüt-2" oprasiýasynyň çäginde 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

"Penje Bürgüt-2" oprasiýasynyň çäginde 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Gara sebitinde terrorçylara garşy 10-njy fewralda başladylan "Penje Bürgüt-2" operasiýasynyň meýilleşdirilşi ýaly dowam edýändigi mälim edildi.

Operasiýanyň çäginde 2-si guramanyň ýolbaşçysy bolan jemi 37 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenen beýanatda, terrorçylara degişli gaçybatalgalar, gowaklar, ok-däri ammarlar we ştab hökmünde ulanylan ýerlerden ybarat jemi 50-den gowrak nyşananyň howa hüjümleri bilen ýer bilen ýegsan edilendigi habar berildi.

Ýerli we milli ok-därileriň ulanylan hüjümlerde nyşanalaryň dolulygyna ýok edilendigi aýdylýan beýanatda, guramanyň sebitdäki barlygyna agyr zarba salynandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

"Penje Bürgüt-2" operasiýasynda ýaralanan esger şehit boldy
“Penje Bürgüt-2” Operasiýasynda 2 Esger Şehit Boldy
"Penje Bürgüt-2" oprasiýasynyň çäginde 33 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Penje Bürgüt Operasiýasy
Terror Guramasy PKK-nyň 13 Türk Raýatyny Şehit Etmegine Berk Garşylyk Görkezilýär
Harytlara isleg uly