“Penje Gylyç Howa Operasiýasy"

“Penje Gylyç Howa Operasiýasy"

Terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-niň Stambulda guran terrorçylykly hüjüminden soň Türkiýe, terror guramasyna degişli jogabyň berilmegi üçin işe girişdi. Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Türk ýaragly güýçleri, “Penje Gylyç Howa Operasiýasyny” başlatdy.

Operasiýanyň çäginde terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Siriýadaky we Yrakdaky ýerleri bombalandy. Operasiýanyň başlan gününden bäri 500-e golaý ýer nyşana alyndy we 250-ä golaý terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Terror gurasmasy PKK, Türk goşunynyň Yrakda we Siriýada geçirýän operasiýalary we Milli Howpsyzlyk gullugynyň guramalarynyň ýolbaşçylary nyşana alýandygy sebäpli esasan Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrapçasynda uly ýitgi çekdi we gözegçiligi astyndaky sebiti ýitirdi.

Agyr zarba alan terror guramasy esasan Türkiýäniň uly şäherlerinde hüjüm guramaga synanşdy. Birnäçe terrorçylykly hüjümiň öňüniň alynandygyna garamazdan Stambul şäherinde, Taksimde bombaly hüjüm gurap asuda ilatdan birnäçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Türkiýe şol hüjüme berk reaksiýa görkezdi we “Penje Gylyç Howa Operasiýasyny” başlatdy. Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda şol bir wagtda geçirlen operasiýanyň çäginde serhetden 1200 kilometr alysda we 150 kilometrlik meýdanda terrorçylara degişli ýerler howadan bombalandy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, operasiýanyň ilkinji 3 gününde 500 ýer nyşana alyndy we terror guramasy PKK-a agza 250 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýanyň çäginde Siriýada Tel Rifat, Manbiç, Aýn Al Arap, Aýn İsa, Kamyşly we Malikiýe ýaly etrapçalarda, Yrakda hem Hakurk, Kandil we Asos etrapçalarynda terror guramasyna degişli ýerler bombalanýar. PKK/ÝPG-nyň şeýle uly göwrümli operasiýanyň geçirilmegine garaşmaýandygy we uly ýitgi çekýändigi sebäpli dowla düşendigi görülýär.

Onlarça uçar we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary terror guramasynyň harby tälim merkezlerini, ýarag ammarlaryny, gowaklaryny we gaçybatalgalaryny nyşana alýar.Türk Ýaragly güýçleri ilkinji gezek terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Siriýadaky energetika infstrukturasyny bombalamaga başlady.

Esasan Malikiýe-Kamyşly liniýasynda nebit guýulary we gaz giňişligi hatardan çykaryldy.PKK/ÝPG-nyň ÝAT atly amerikaly esgerler tarapyndan tälim alýan merkezi hem ýaragly uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan nyşana alyndy.

Türkiýe, howadan we gury ýerde PKK/ÝPG-a garşy geçirýän operasiýalaryny dowam etdirýär. Terror guramasy hem asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär. Aýn Al Arap sebitinden, Karkamyşdaky asuda ilata garşy hüjüm guraldy we Azez şäheriniň nyşana alynandygyny gördük. Harby taýdan Türk ýaragly güýçlerine degişli gaýtawuly görkezip bilmeýän terror guramasy, asuda ilaty nyşana alýar.

Emma asuda ilata garşy guralýan şol hüjümlere Türkiýe berk garşylyk görkazýär.Prezident Erdogan beren soňky beýannamasyna terror guramasyna garşy gury ýer hüjümiň hem guralyp bilinjekdigine ünsi çekdi.Erdogan birnäçe wagt ozal hem gury ýer hüjüminiň guraljakdygy barada beýannama beripdi emma Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň Siriýanyň hökümeti bilen duşuşmak barada beren teklibini kabul edendigi sebäpli gury ýer hüjümini saklapdy. Şol günden bäri Siriýanyň hökümeti bilen hiç hili duşuşyk geçirilmedi.

Soňky howa hüjüminde bolsa PKK-nyň hatarynda söweşýän Asada tabynlykdaky güýçleriň esgeri hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýe milli howpsyzlygyny goramak we hüjümleriň öňüni almak üçin giň gerimli gury ýer hüjümi bilen serhetlerini dolulygyna terrorçylardan saplamak isleýär.

Terror guramasy PKK-a garşy gury ýer hüjümi guralan halatynda ilkinji nobatda Tel Rifat, Manbiç we Aýn al Arap nyşana alynar.

Ýene degişli makalalar

Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
PKK-a agza terrorçylar guramanyň hataryndan gaçmaga dowam edýär
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi