“Penje Gylyç” Operasiýasynda 184 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Penje Gylyç” Operasiýasynda 184 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň we Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy alnyp barylýan “Penje Gylyç” operasiýasynda häzire çenli 184 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Hulusi Akar, Türk ýaragly güýçleriniň serkerdeleri bilen birlikde Operasiýa merkezine baryp gördi.

“Penje Gylyç” operasiýasy bilen Yragyň demirgazygyndaky Kandil, Asos, Hakurk bilen Siriýanyň demirgazygyndaky Arap Pynary, Manbiç, Zor gowagy zolagy, Tel Ryfat, Jizire we Derik etrapçalaryndaky ýerleriň nyşana alynandygyny aýdan Akar, operasiýanyň birinji tapgyrynda, terrorçylara degişli gaçybatalga, gowak, tunel we amar bilen birlikde 89 nyşananyň hatardan çykarlandygyny nygtady.

Ekstremist terror guramasynyň ruhy taýdan güýçden gaçýandygyny nygtan Milli Goranmak ministri Akar, “Terrorçylaryň jerimesini çekmeginiň wagty geldi.Ozal guralan hüjümler bilen birlikde geçen hepde Beýoglunda 6 adamyň, düýn hem gümrük geçelgesinde Önjüpynarda we Karkamyşda biri çaga 2 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hyýanatçylykly hüjümleriniň hasabyny sorarys. Şehitlerimiziň, raýatlarymyzyň ganlaryny ýerde goýmarys. “Penje Gylyç” operasiýasynyň başlan gününden bäri 184 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder.Türk ýaragly güýçleri terrora garşy alyp barýan operasiýalarynda, asuda ilatyň ýitgi çekmezligi, daşky gurşawa, taryhy, medeni we dini binalara zeper ýetirilmezligi üçin ünsli çemeleşýär” diýdi

Ýene degişli makalalar

Türkmen migrant zenanyny awtoulagdan zyňyp öldürmekde aýyplanýanlar tussag edildi
Stambulyň Beýoglu etrabynda türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldy
Türkiýede işdeş ýoldaşyny öldürmekde aýyplanýan türkmen migranty 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Türkmenistanly üç zenan bahasy $60000-a barabar mobil telefonlary bikanun Türkiýä getirmekde saklandy
Türkiýede Türkmenistanyň bir raýaty ýaralandy, ýene biri ten satmakda tussag edildi
Toparlaryň deň ýarysyna golaýy Stambul şäherine wekilçilik eder