Pentagon Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň DAIŞ-e garşy operasiýasy barada beýannama berdi

Pentagon Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň DAIŞ-e garşy operasiýasy barada beýannama berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi brigada generaly Patrik Raýder, Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň DAIŞ-iň lideri Ebu Hüseýin El Hüseýni El Kureýşä garşy geçiren operasiýasy bilen bagly soraga, Türkiyäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşini takdyr edýändiklerini mälim etdi.

Gündelik metbugat ýygnagynda Milli Howpsuzlyk gullugynyň Siriýanyň demirgazygynda DAIŞ-iň lideri El Kureýşini öldürmegi bilen bagly soraga ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi brigada generaly Patrik Raýder: "Türkiyäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşini takdyr edýäris.

Bilişiňiz ýaly Demirgazyk Siriýadaky serhet zolaklarynda Türkiyäniň harby güýçleri geçmişde DAIŞ-e garşy göreş alyp bardy.Häzirki wagtda hem DAIŞ-iň hemişelik häsýetde ýeňilmegine ýardam bermek üçin halkara jemgyýetiň edip biljek islendik hereketi örän peýdalydyr" diýip aýtdy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 30-njy aprelde El Kureýşiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar beripdi.

Ýygy-ýygydan ýerini üýtgedýändigi anyklanan DAIŞ-iň täze halifi Ebu Hüseýin El Hüseýni El Kureýşi adyny ulanýan terrorçynyň, Siriýanyň demirgazygyndaky Afrin etrabynyň Jinderes diýilýän ýerindedigi we ýakyn wagtda ýerini üýtgetjekdigi barada alynan maglumatyň esasynda Milli Howpsuzlyk gullugy, ýörite operatiw topar bilen terrorçynyň galýan öýüne garşy 2023-nji ýylyň 29-njy aprelinde gizlin operasiýa geçirdi.

Milli Howpsuzlyk gullugynyň boýun bol diýip beren çagyryşyna jogap bermedik DAIŞ-iň lideri El Kureýşi, tussag ediljekdigine göz ýetireninden soň janyna kast edip, özüni partlatdy.

Terror guramasy DAIŞ-iň hataryna 2013-nji ýylda goşulan Ebu Hüseýin El Hüseýni El Kureýşi gysga wagtyň içinde guramanyň ýokary wezipelerine geldi.

Ebu Hüseýin El Hüseýni El Kureýşi terror guramasy DAIŞ-iň ozalky lideri Ebu Hasan El Kureýşiniň öldürilmeginden soň 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda täze halif hökmünde yglan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Oba hojalyk ministrleri maslahat geçirdi