Permdäki ÝOJ bolan ot açmalarda Türkmenistanly student 20 sany studentiň ewakuasiýasyna kömek etdi

Permdäki ÝOJ bolan ot açmalarda Türkmenistanly student 20 sany studentiň ewakuasiýasyna kömek etdi

20-nji sentiýabrda Permdäki döwlet uniwersitetinde bir student ot açmany gurnady we wakada 6 adam öldi, başgada 24-si ten şikesini aldy.

Şol wakada uniwersitetiň himiýa bölüminiň 3 synp studenti, Türkmenistanly Öwezberdi Sabyrow student toparynyň kampusyň çäginden derrew ewakusiýasyna kömek etdi diýip, 26-njy sentiýabrda uniwersitetiň metbugat habar berdi.

Pajygaly waka bolanda, student 1-nji gatdady we ot açma bolanda, nobatdaky sapagyna garaşýardy.

Onuň ýanyndan studentler “Ot açma” diýip gygyryşyp geçip ugradylar.Haçanda, Öwezberdi gülläniň garawuly ýaralandygyny görende, studentleriň degişmeýändigine we wakanyň möhümdigine göz ýetirdi.

Ol özüniň türkmen,rus dostlaryny we ýanynda duranlary ýygnap, 7-nji bina tarap alyp gitdi we ol ýerde garawullar topara ewakuasiýa çykyşyny salgy berdiler.

“Korpusyň goşmaça çykyşynyň golaýynda bolan student ilkinji bolup binadan çykyp, kömege çagyrmagyň başartmajakdygyna göz ýetiripdir. Çünky, çykyşa juda köp adam ýygnanypdy. Şonuň üçinde, Öwezberdi birinji gatdaky penjireden ýere böküpdir we kampusyň çäginden çykmaga çalşyp ylgapdyr hem ýol ugry töweregindäkilere howpy duýdurypdyr we polisiýa telefon edipdir” diýip habarda bellenýär.

“Men ýanymda bolan studentlere häzir dowula düşmäniň gerek däldigini, wakadan tiz wagtda baş alyp çykmanyň möhümdigini düşündirmäge çalyşdym” diýip Öwezberdi aýdýar.

Habarlara görä, Öwezberdi Sabyrow Türkmenistanda iki ýyllap esgerlik edipdir we şeýle ýagdaýlarda dogry hereket etmäni öwrenipdir.

Görnüşi ýaly, uniwersitetiň wekilleriniň habarlaşan Inžener-sapýorlyk harby bölüminiň komandiri A.Rahymowyň aýtmagyna görä, esgerlikde Öwezberdi Sabyrow asuda hem dogruçyl gulluk edip, goşunda abraýlydy we gündelik gulluk tälimlerinde tapawutlanýardy.The post Permdäki ÝOJ bolan ot açmalarda Türkmenistanly student 20 sany studentiň ewakuasiýasyna kömek etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Kesearkajyň düzünde aýdymy bilen adygan
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Sözi manysy bilen öwreneliň!
Sözi manysy bilen öwreneliň!
Täsin ykbally zenan