Perseý atly pişik Wyborg köşgüniň resmi işgäri boldy

Perseý atly pişik Wyborg köşgüniň resmi işgäri boldy

Russiýadaky taryhy Wyborg köşgünde ýaşaýan Perseý lakamly pişik onuň resmi işgäri boldy. Ony ylmy bölüme geçirip, zähmet depderçesini gowşurarlar. Bu barada muzeý-goraghananyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdiler diýip, MIR 24 ýazýar.

Edaranyň işgärleriniň sözlerine görä, pişik synag döwründe özüni oňat tarapdan görkezipdir, ol ylmy gözleg we arheologiýa ulgamynda özüniň ajaýyp häsiýetlerini açmagy başarypdyr. Perseýiň esasy iş ugrunyň psihiki taýdan bejerişe degişlidigini belleýärler.

Tebigy endikleri babatda hem ol özüni görkezdi, syçan tutýar, guşlary-da tutýar diýip, muzeýiň işgärleri gürrüň berýärler.

Perseý Wyborg köşgünde öň ýaşan we 2011-nji ýylda 18 ýaşynda ölen Filimon atly pişigiň oruntutarydyr. Filimon dirikä, muzeýiň uly myrlaýan işgäri hökmünde zähmet çekýärdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň günortasyny sil basdy
Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Berdimuhamedowyň Pariž sapary Türkmenistanyň täze daşary syýasat meýillerine gabat gelýär Pannier
Diňle: Miras, emläk dawalary halkyň gadymy gatnaşyk däplerine 'zarba urýar'
Germaniýaly öýünde 605 arçany bezedi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Ermenistanyň täze bellenilen ilçilerini kabul etdi
Dünýäde şu gün Halkara maýmynlar güni bellenýär