Peruda iň gadymy tans meýdançasy tapyldy

Peruda iň gadymy tans meýdançasy tapyldy

Arheologlar Peruda iň gadymy tans meýdançasyny tapdylar, onuň üstünde her ädim deprek gümmürdisine meňzeş ses çykarýar diýip, MIR 24 ýazýar.

Meýdança häzirki Lima şäherinden 200 kilometrlikde açyk asmanyň astynda ýerleşýär. Ol biziň eýýamymyzdan öňki 1000-1400-nji ýyllarda gurlupdyr diýip çaklaýarlar, ony inkler döwründe-de (1400-1532 ýý), ispanlar ýurdy eýelänlerinden soň hem ulanypdyrlar.

Alymlar giňişligiň özboluşly tans meýdançasy bolandygyny çaklaýarlar, ol ýerde däp-dessur çärelerini gurapdyrlar.

Argentinadaky Buenos-Aýres uniwersitetiniň Medeniýet institutynyň arheology Kewin Leýniň sözlerine görä, meýdanda ýyldyrymyň we gök gümmürdisiniň hudaýynyň hormatyna däpler berjaý edilipdir. Şunda aýak sesleri tebigy hadysalaryň gümmürdisini çykarypdyr, gadymy gurluşykçylar munuň üçin ýörite tehnologiýadan peýdalanypdyrlar.

Meýdançada däp tanslaryny ýerine ýetirýän birbada 26 adam ýerleşip bilipdir diýip, Arkeonews habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Iň gadymy tans meýdançasy ýüze çykaryldy
Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi
Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary sebäpli daşary ýurtlar öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge dowam edýär
Indoneziýada we Peruda ýer titremeler boldy
Iň gowy restoranlarynyň sanawyny düzüldi
Türkiýe Asyrynyň Gahrymanlary Uly Hormat Bilen Hatyralanýar