Peruda tropiki siklonyň netijesinde 65 adam ýogaldy

Peruda tropiki siklonyň netijesinde 65 adam ýogaldy

Ýurduň paýtagty Lima şäheri başda bolmak bilen ençeme şäherde täsirli bolan Ýaku atly tropiki siklon sil apatlarynyň döremegine we weýrançylyklara sebäp boldy.

Güýçli harasatda we sil apatlarynda häzirki wagta çenli 65 adam ýogaldy, 5 adam dereksiz ýitdi.

Tebigy apat 66 müň 853 adama ýaramaz täsir ýetirdi, 9 müň 677 öýe zyýan ýetdi, 1541 öý ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

Mundan başgada 56 mekdepe, 116 saglygy goraýyş edarasyna, 239 köprä, 640 km ýola zyýan ýetdi.

Ekin meýdanlaryna hem zyýan ýeten harasatda 11 müň gektarlyk ekin meýdany harap boldy we 30 müň 192 sany iri şahly mal hem öldi.

Hökümet tebigy apatyň iň köp zyýan ýetiren 8 sebitiň 154 etrabynda 6 aý möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan agyr atletika boýunça ýaşlar dünýä çempionatyna dokuz sany agyr atletikaçy gatnaşýar
Türkmenistanyň agyr atletikaçysy ýaşlar dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medal gazandy
Türkmenistanly agyr atletikaçy gyz dünýä birinjiliginde yzly-yzyna ikinji gezek altyn medala mynasyp boldy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Kolumbiýada ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda çykyş edýärler
Dublin ýaşaýjylarynyň ulag dyknyşyklarynda geçiren wagty boýunça öňdeligi eýeledi
Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda birnäçe medallara mynasyp boldular