Pes hilli hyzmatlar we prezident bilen garyndaşlyk. Žurnalistler "Altyn Asyryň" eýesini tapdylar

Pes hilli hyzmatlar we prezident bilen garyndaşlyk. Žurnalistler "Altyn Asyryň" eýesini tapdylar

“Türkmen.News”, “Gundogar” we “OCCRP” özleriniň bilelikdäki derňew maglumatynda “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk şirketini Türkmenistanyň prezidentiniň garyndaşynyň dolandyrýandygyny habar berýärler. Derňewiň awtorlary Ruslan Mýatiýew, Baýram Şyhmyradow we Mettýu Kupfer.

Türkmen bazarynda monopoliýa eýe bolan öýjükli operator "Altyn Asyr", hyzmatyň hiliniň pesligi we bahasynyň ýokary bolmagy sebäpli köplenç tankyt edilýär. Şu çaka çenli eýeleriniň atlary yglan edilmedik bu kompaniýanyň prezidentiň garyndaşy tarapyndan dolandyrylmagynyň üstüni žurnalistler açdy. Bu maglumat 31-nji martda turkmen.news neşriniň websabtynda çap edildi.

Žurnalistler Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyz ýegeniniň adamsy Şyhmyrat Şaharlyýewiň Türkmenistanda ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyryň" baş müdiri wezipesini gizlin eýeleýändigini anykladylar.

Türkmenistanda adamlaryň köpüsi Şyhmyrat Şaharlyýewi bilenok. Onuň ady internetde hiç haçan tapylmaýar, ol sosial ulgamlary ulanmaýar we köpçülige tas görünmeýär. Şeýle-de bolsa, bu adamyň adaty türkmenleriň gündelik durmuşyna edýän täsiri, görünýäninden has möhümdir diýilip, hasabatda aýdylýar.

Derňewiň awtorlary hökümetiň 2017-nji ýylda ýeke-täk bäsdeş - iň uly rus operatory MTS-i ýurtdan çykarmak bilen "Altyn Asyryň" monopoliýasyny döredendigini belleýärler.

Neşiriň habaryna görä, “Altyn Asyryň” eýeleri barada maglumatyň ýoklugy, Şaharlyýewi gizlinlikde başlyk edip bellemek karary we MTS-iň kowulmagy Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk bazaryna gözegçiligiň prezident maşgalasynyň elinde jemlenendigini görkezýär.

“Turkmen.news”-yň "Altyn Asyryň" we Şyhmyrat Şahalyýewyň işlerine degişli çap eden esasy maglumatlarynda şeýle diýilýär.

2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň awtoritar lideri Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet mobil operatory "Altyn Asyra" býujetden 170 million dollar bölüp berdi we soňra kompaniýany eýeçiligini esaslandyryjylaryň atlaryny açmagy talap etmeýän ýapyk paýdarlar jemgyýetine öwürdi.

Soň bolsa, türkmen häkimiýetleri "Altyn Asyryň" ýeke-täk bäsdeşini ýurtdan çykardy we bu kompaniýa içerki mobil aragatnaşygy bazarynda monopoliýa berdi.

2019-njy ýylda Berdimuhamedowyň aýal ýegeniniň adamsy Şyhmyrat Şaharlyýew gizlinlikde "Altyn Asyryň" baş müdiri wezipesine bellendi.

Şaharlyýew köpçülikleýin çärelere "Altyn Asyryň" başlygy hökmünde gatnaşmaýar we şahsy durmuşyny gizlin saklaýar. Şeýle-de bolsa, OCCRP guramasynyň habarçylary onuň azyndan iki restoran toplumyna gözegçilik edýändigini we maşgalasynyň kaşaň jaýlarda ýaşaýandygyny anykladylar.

“Altyn Asyr” Türkmenistanda ýeke-täk mobil operatorydyr. "Turkmentelecom" kompaniýasy bolsa ýurtdaky ýeke-täk internet üpjünçisi.

Azatlygyň çeşmeleri mundan ozal internet üpjün edijisi “Turkmentelecom” -yň tehniki bazasyny, hususan-da tora gözegçiligi güýçlendirmek üçin täze enjamlary ulanýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar. Ýurtda köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdeleri, şol sanda Azatlyk Radiosynyň web sahypalary we sosial ulgamlar petiklenýär. Petiklenen saýtlardan aýlanyp geçmek üçin ilat VPN serwerlerini ulanmaga mejbur bolýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
Aktýor MakKonahi gubernatorlyga dalaş etmekçi
ABŞ ilçisi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň iň uly hazynasynyň adamlarydygyny aýdýar
Türkmenistan medeni ýadygärliklerini goramak üçin ABŞ-dan 29-njy granty aldy
Türkmenistanyň DIM-gi Owganystandaky diplomatiýa wekiliýetiniň işi barada habar berdi: işgärler ewakuasiýa edilmedi, binany talyplar goraýarlar
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
Türkmenistan owgan bosgunlaryny serhetden "geçirmeýär". "Talyban" Kabula gözegçilik edýär