Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi

Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi

Dmitriý Peskow, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Azerbaýjan, Gruziýa we Ermenistan sapary barada beýanat berdi.

Ady geçen ýurtlara guralan saparlaryň Kawkaz ýurtlarynyň özygtyýarly hukuklarydygyny aýdan Peskow, emma NATO-nyň sebitdäki täsirini we barlygyny giňeltmek synanyşyklarynyň Kawkazdaky ýagdaýyň durnuklylygyna we öňdengörüjiligine goşant goşup bilmejekdigini aýtdy.

Dmitriý Peskow Ýens Stoltenbergiň bu saparynyň Russiýanyň günorta serhetleriniň howpsuzlygy üçin howp emele getirip-getirmeýändigi bilen bagly soraga: "NATO-nyň Kawkazdaky barlygyny berkitmek baradaky umumy islegini gowy bilýäris we bu isleg göze görünýär" diýip jogap berdi.

Russiýanyň şol saparlara üns bilen gözegçilik edýändigini aýdan Peskow, resmi Moskwanyň hem esasan bu ýurtlar bilen gatnaşyklara we hyzmatdaşlyk gurallaryna ünsüni jemlemegi maksat edinýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi