Petro Trampa “Meni tankyt etmekden ýüz öwür” diýdi

Petro Trampa “Meni tankyt etmekden ýüz öwür” diýdi

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro ýekşenbe güni özünü neşe söwdasyny etmekde günäklän ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa garşylyk görkezdi.

ABŞ şenbe güni ir ertir Karakasa hüjüm gurady. Wenesuelanyň lideri Nikolas Madurony häkimiýetiň başyndan çetleşdirmek we Waşingtonyň gara altyna baý ýurduny gözegçiligi astyna almak üçin guralan hüjümde ýurtdaky harby merkezler bombalandy.

Tramp ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Kolumbiýa garşy hem şeýle hüjümiň guralyp bilinjekdigini aýtdy.

Tramp, “Günorta Amerika ýurdy Kolumbiýanyň lideri ýarawsyz. Kolumbiýa kokain öndürip ABŞ-na satmagy halaýan adam tarapyndan gönükdirilýär” diýdi.

Tramp Gustawo Petrony nazarda tutmak bilen “Kokain fabrikleri bar we kokain önümçilik desgalary bar, emma muny uzap dowam etdirip bilmez” diýip belledi.

Tramp günäkärlemeleri barada hiç hili subutnama hödürläp bilmedi, emma “Sebäbini bilýäňiz. Gaty köp adamy öldürýärler” diýdi.

Kolumbiýanyň Prezidenti günäkärlemeleri ret etdi. Petro X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Jenap Tramp, meni tankyt etmekden ýüz öwür” diýdi.

Kolumbiýanyň Prezidenti “Ýaragly göreşi we Kolumbiýanyň halkynyň parahatçylyk göreşi bilen tanalýan Latyn Amerikanyň prezidentine beýle hemle atyp bilmersiňiz” diýip belledi.

Petro, Trampyň adminstrasiýasynyň sebitdäki harby hereketini berk tankyt etdi we Waşingtony Madurony zamun almakda günäkärledi.

Petro ýekşenbe güni beren başga bir habarnamasynda bolsa “Dostlar bomba atmaz” diýdi.

Kolumbiýa bilen ABŞ ýerleşýän sebitinde harby we ykdysady taýdan ýakyn hyzmatdaşdyklaryna garamazdan gatnaşyklary gün saýyn dartgynlaşýar.

Iki lider Trampyň prezidentliginiň ikinji döwrüniň başlan gününden bäri gümrük salgytlary we göç syýasaty ýaly birnäçe ugurda uly düşnüşmezligi başdan geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Kolumbiýada Israýıla Kömür Eksport Edilmegi Gadagan Edildi
Petro Deňizçileri Ysraýyla Kömür Ganatmagy Bes Etmäge Çagyrdy
Kolumbiýada mekdep awtobusynyň heläkçilige uçramagy netijesinde 17 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy