Petronas Çarigali sürüjileri işe çagyrýar

Petronas Çarigali sürüjileri işe çagyrýar

Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy sürüjileri boş iş ornuna çagyrýar. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş çap edildi.

Sürüji Türkmenbaşy etrabyndaky Gyýanly şäherçesinde işlemeli.

Dalaşgärlerden orta bilim hakyndaky şahadatnama, sürüjilik şahadatnamasy, 5 ― 7 ýyla çenli iş tejribesi , iňlis, rus we türkmen dillerini bilmek, şeýle hem MS Office programmasyndan baş çykarmak talap edilýär.

Ähli dalaşgärler özleri baradaky maglumatlary, mümkin boldugyndan, giňden bermelidir.

Resminamalar kompaniýanyň Aşgabat şäherindäki merkezi edarasynda kabul edilýär. Salgysy: Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B blok). Şeýle hem dalaşgärlerden elektron sowalnamany dolduryp, recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna bildirişiň çap edilen gününden bir hepdeden gijä galman tabşyrmak soralýar.

Ýene degişli makalalar

PETRONAS kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Türkmenistandaky Petronas Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
PETRONAS Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
PETRONAS “OGT 2023” maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy boldy