Planetanyň klimatyny halas etmäge 275 trillion dollar zerur

Institusional maýadarlar topary öňdebaryjy ýurtlary klimaty halas etmek we 2050-nji ýyla çenli “ýaşyl” energiýa geçmek üçin umumy bahasy 275 trillion dollar bolan maýa goýumlaryny çekmäge çagyrdy.

Häzirki wagtda maýa goýum topary bary-ýogy 11 trillion dollara eýelik edýär.Bu bolsa, ekologiýa maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan maliýe serişdelerinden 25 esse azdyr. Ýangyçlaryň gazylyp alynýan görnüşlerine garaşlylygy ýeňip geçmek we pes uglerodly geljege geçmek üçin iri maýa goýumlary zerurdyr.

Hünärmenler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek üçin ýurtlaryň hökümetleriniň aýgytly we aýdyň wezipeleri işläp düzmelidiklerini belleýärler diýip, “Bloomberg” habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Alymlar 2024-nji ýylyň tomsunyň çakdanaşa yssy boljakdygyny duýdurýarlar
Hemra suratlary türkmen, ABŞ ýataklaryndan, aýdylyşyna garanda, has kän metan syzýandygyny görkezýär
'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Tüwiniň bahasy soňky 15 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady
Bloomberg: Abu-Dabi milliarderleriň täze merkezi boldy
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary