Pokemon Go oýnuny dörediji işgärlerini 8 göterim azaltdy

Pokemon Go oýnuny dörediji işgärlerini 8 göterim azaltdy

Amerikanyň Niantic Inc. kompaniýasy öz işgärleriniň sanyny 8 göterime çenli kemeltdi we häzir oýunlary döretmek babatda emele gelen kynçylyklar zerarly taslamalarynyň birgidenini togtatdy. Bu barada Interfaks ýazýar.

Habarda kompaniýanyň NBA All-World ýaly, goşmaça reallyk girizilen oýunlarda ünsi jemleýändigi aýdylýar. Şeýle-de önümçilikçi Lightship platformasyny işläp düzmekde we Pokemon Go oýnuny ösdürmekde iş alyp barýar.

Tehnologik kompaniýalaryň köpüsiniň soňky döwürde işgär saýlap almak babatda depgini gowşatmaga ýa-da iş orunlaryny boş galdyrmaga mejbur bolýandygy, muňa bolsa ykdysadyýetdäki durgunlylykdan ätiýaçlanma we paýnamalaryň bahalarynyň pese gaçmagy sebäp bolýar diýip, MarketWatch neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

AGG Lighting dükany 60х60 LED panelleriniň köpdürli görnüşlerini alyjylara ýetirýär
Saudi Aramco заявила о планах повысит цены на все сорта нефти для всех регионов
Saud Arabystany aprelde nebitiň ähli görnüşleri üçin nyrhlary galdyrmakçy
Saudi Aramco Ýewropadaky, Aziýadaky we ABŞ-daky müşderileri üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrdy
Aşgabatda köpçülikleýin waksina edilýär. Kerkide täze karantin zolagy guruldy 
Ýüregiň ritmine gözegçilik edip bilýän lampa döredildi