Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň uly göwrümli, täze edebi eserleri çapdan çykdy

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň uly göwrümli, täze edebi eserleri çapdan çykdy

Çehiýa Respublikasynyň Praga şäherinde ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally dürli döwürlerde ýazan 11 jiltlik täze kitaplar toplumyny ýaňy-ýakynda öz muşdaklary bilen tanyşdyrdy.

Häzirki zaman türkmen giňişliginde özge pikirleri şöhlelendirmek tagallalary bilen tanalýan ýazyjy ýyllaryň tejribesini siňdiren döredijilik işinde dürli žanrlary, hekaýalary, kyssalary, romanlary, oçerkleri, publisistik eserleri, ýatlamalary, ýol ýazgylaryny we beýlekileri girizdi.

Magtymgulynyň döredijiligine “Zeburyň” täsiri, türkmen-rus gatnaşyklarynyň taryhy, türkmen halkynyň mesgen tutan ýerleri, Ýakyn gündogar we Günbatar ýurtlarynda ýazylan ýol ýazgylary, Türkmenistanyň ýakyn taryhynda yz galdyran öňde baryjy syýasy şahslar barada maglumatlar, şeýle-de ýakyn taryhda yz galdyran, edebiýat ägirtleri, şol sanda Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Çary Aşyrow, Hydyr Derýaýew, Beki Seýtäkow, Gara Seýitliýew, galyberse-de, Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannapesow ýaly ýazyjy-şahyrlar barada makalalar girizildi. Şeýle-de, çagalar üçin ertekiler we kyssalar hem 11 jiltlik uly göwrümli eserde özleriniň mynasyp ornuny tapypdyrlar.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany täze edebi eserleriň awtory, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlige gönükdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Reňkleri dillendiren ussat
Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri Türki dilli edebiýatyň dürdäneleri eserler ýygyndysyna girizildi
14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşy
14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Akyldaryň okan mekdebi