Premýer-ministr işinden çekildi

Şwesiýada geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, konserwatiwler onçakly köp bolmadyk tapawut bilen ýeňiş gazandylar. Şwesiýanyň Premýer-ministri sosial-demokrat Magdalena Andersson parlament saýlawlarynda öňe saýlanyp bilmändigini boýun alyp, işinden çekilýändigini mälim etdi.

-Saýlawlarda dört sagçy partiýa 50% ses alyp, olaryň bary-ýogy bir-iki orun artykmaçlygy bar. Bu ujypsyz köplük bolsa-da, men hökümet başlyklygyndan çekilmegi makul bildim. Täze hökümet gurlanda, Sosial-demokratik işçiler partiýasyna ýolbaşçylyk ederin diýip, Magdalena Andersson belledi.

Magdalena Anderssonyň Sosial-demokratik işçi partiýasy sesleriň 30%-inden gowragyna eýe boldy. Ýöne onuň ýolbaşçylygyndaky merkezi çepçi bileleşik sagçy konserwatiwlere üç ornuny berdi. Sagçy şwed demokratlary 20,6% bilen ikinji orny eýeledi. Öňki saýlawlarda bolşy ýaly, täze ýerine ýetiriji häkimiýeti döretmek üçin birnäçe hepde dowam edýän gepleşikler geçiriler.

Ýurtda 11-nji sentýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda sesleriň 100%-i sanalandan soň, sagçy liberal bileleşigi (Aram bileleşik partiýasy, “liberallar” partiýasy, Hristian-demokratiýa partiýasy, “Şwed demokratlary”) dolandyryjy “gyzyl-ýaşyl” bileleşigiň partiýalaryndan (Şwesiýanyň Sosialistik-demokratik işçiler partiýasy, Çepçi partiýa, Daşky gurşaw partiýasy, Merkez partiýasy) onçakly köp bolmadyk ses bilen öňe saýlandylar.

Maglumatlara görä, sagçy partiýalar 50, dolandyryjy çepçi partiýalar bolsa 49,8 ses aldy.Bu sanlara görä, 349 orunlyk mejlisde çepçi partiýalar 176, sagçy partiýalar bolsa, 173 orun alýar.

Ýene degişli makalalar

Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Sosial-demokratlar partiýasy Bundestaga saýlawlarda üstün çykdy
Şols öňki kanslerden maslahat soraýandygyny gürrüň berdi
UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly
Şwesiýada Parlament saýlawlary
HDB-niň täze ýolbaşçysy bellendi