Prezident Berdimuhamedow Aşgabada 150 taksini “sowgat etdi”

Prezident Berdimuhamedow Aşgabada 150 taksini “sowgat etdi”

Aşgabadyň taksi parkyna 150 sany “Toýota Corilla” kysymly awtoulag getirildi.

TDH döwlet täzelikler gullugynyň habaryna görä, bu Garaşsyzlyk güni baýramynyň öň ýanynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen edildi.

Täze taksilere prezidentiň sowgady diýlen ýazgy ýelmenipdir.

TDH-niň ýazmagyna görä,ulag serişdesiniň nirededigini we sürüjiniň tizligini ýokarlandyrýandygyna gözegçilik etmek üçin taksilerde GPS ulgamy oturdyldy.

Ahyrky gezek taksi parky geçen ýylyň maýynda artdyrylypdy. Şonda Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen ilteşikli şol bir kysymly 200 sany taksi we “Hyundai ALL New super Aero City” kysymly 400 awtobus paýtagtyň ýollaryna çykdylar.The post Prezident Berdimuhamedow Aşgabada 150 taksini “sowgat etdi” first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Çukanaly magistral adam pidalaryna getiren ýol hadysasyna sebäp boldy
Çukanak-sakanak awtomagistral adam pidalaryna getiren ýol hadysasyna sebäp boldy
Lebapawtoulag önümçilik birleşigine häzirkizaman awtobuslaryň 200-e golaýy gowşuryldy
Lebap welaýatynda hassahanalaryň durky täzelendi
Gara reňkli awoulaglaryň “gara günleri”
22.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi