Prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä sapary başlandy

Prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä sapary başlandy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä amala aşyrýan saparynyň dowamynda türkmen gazynyň günbatar ugry boýunça akdyrmak meselesiniň esasy üns merkezinde bolmagyna garaşylýar. Ankara bu ugurda geçen ýyldan bäri tagalla edip gelýän bolsa-da, bilermenler türkmen tarapynyň bu babatda häzire çenli oňyn ädimleriniň göze ilmeýändigini belleýärler.

25-nji oktýabrda giçlik prezident Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Ankara geldi. Makalanyň taýýarlanan pursady onuň türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen gepleşikleri entek amala aşmandy.

Emma ýokary derejeli türk resmileri türkmen gazyny we elektrik energiýasyny halkara bazarlaryna çykarmak ugrunda, şol sanda Azerbaýjanyň hem gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň zerurdygyny bellediler.

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň yz ýany, Moskwa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň fonunda özüniň energetika importlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edip başlady. Munuň yzy bilen-de, 2022-nji ýylda Ankara soňky ýigrimi ýylda ilkinji gezek Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny satyn almagyň ugurlaryna seredýändigini mälim etdi.

Türk prezidentiniň kömekçisi Jewdet Ýylmaz 26-njy oktýabrda Ankarada geçen türkmen-türk işewürlik forumynda eden çykyşynda, soňky geo-syýasy özgertmeleriň fonunda’ energetika meselesiniň ähmiýetiniň hasam artandygyny nygtady.

“Munuň bilen baglylykda, bu starategiki pudakda Türkmenistanyň tebigy gazynyň we elektriginiň halkara bazarlaryna çykarmagy ugrunda hökmany ýagdaýda hyzmatdaşlygy ýola goýmagymyz zerur. Bir tarapdan Türkiýe-Türkmenistan iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy, beýleki tarapdan Azerbaýjanyň hem gatnaşmagynda üç taraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üsti bilen enerigiýa babatynda has ykjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagymyz möhüm” diýip, Jewdet Ýylmaz belledi.

Emma energetika bilermenleri Aşgabadyň ýylda 30 milliard kub metr türkmen gazyny Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik berjek bu taslamanyň amala aşmagy babatynda häzire çenli oňyn ymtylmalarynyň göze ilmeýändigini belleýärler.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” energiýa howpsuzlygy boýunça barlag guramasynyň eksperti Jon Roberts 26-njy oktýabrda Azatlyk bilen geçiren söhbetdeşliginde, Aşgabadyň bu babatda diňe umumy sözler bilen çäklenýändigini, şol bir wagtda taslamanyň iş ýüzünde amala aşmagy boýunça hiç bir tarap bilen möhüm gepleşikleri alyp barmaýandygyna ünsi çekdi.

Roberts Türkiýäniň, hususan-da prezident Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistanyň bu ugurda hereket edip başlamagy boýunça täsir ýetirip biljekdigini belledi. Emma ol ozalky ylalaşyga laýyklykda Türkiýäniň gazy diňe öz serhedinden satyn almaga razy bolandygyny, şol sebäpli türkmen gazynyň iş ýüzünde günbatar ugry boýunça akdyrylyp başlanmagy üçin, Aşgabadyň netijeli herekete geçmeginiň möhümdigini nygtady.

“Şu wagta çenli türkmenler bu ugurda düýbünden hiç zat etmediler” diýip, Roberts Azatlyk bilen söhbetdeşliginde belledi.

Mundan ozal, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan beýleki ekspertler, şol sanda Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski Türkmenistanyň görnüşinden bu golaýda amala aşyryp bolmajak proýekte has köp syýasy matlapdan çemeleşýändigini, ýagny bu ugurda netije bermejek gepleşikleri geçirip, dünýä arenasynda öz aktuallygyny artdyrmaga synanyşýandygyny aýdypdy.

Türkmenistan häzirki wagtda özüniň daşary ýurtlara iberýän mawy ýangyjynyň agramly bölegini Hytaý ugry boýunça eksport edýär.

Resmi maglumata görä, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2.06 milliard dollara deň bolupdyr. Türk resmileri şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça bu görkezijiniň 2.1 millard dollara deň bolandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklary
Wengriýa türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mümkinmi?
Wengriýa türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mümkinmi?
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda-da Saparda Bolýar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda sapar gurar