Prezident Erdogan Afrika saparyny doly tamamlaman Türkiýä gaýdyp geler

Prezident Erdogan Afrika saparyny doly tamamlaman Türkiýä gaýdyp geler

Erdogan ertir geçiriljek NATO agza döwletleriň Liderler maslahatyna gatnaşjaklygy üçin Gwineýa-Bisau saparynyň yza süýşürilendigini mälim etdi.

Prezident Erdogan şu gün agşam Senegaldan Türkiýä gaýdyp geler.

Prezident Erdogan Afrika saparynyň çäginde ilki bilen Kongo Demokratik Respublikasyna barypdy.

Kongo Demokratik Respublikasyna guran saparyndan soň, düýn bolsa Senegalyň paýtagty Dakar şäherine geçipdi.

NATO agza döwletleriň Liderler maslahatynyň ertirki maslahatynda Russiýanyň Donetsk Halk Respublikasynyň we Lugansk Halk Respublikalarynyň Garaşsyzlyklaryny ykrar etmegi we ondan soň başdan geçirilen hadysalaryň ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
Burhanettin Duran: Ankara howa menzili paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny güýçlendirer
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty geçirler
NATO-nyň Parlament Sammiti Stambulda geçiriler
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar
ABŞ Türkiýä reaktiv uçaryň hereketlendirijisiniň satuw tapgyryny ýeňilleşdirýär
Tramp: Türkiyedäki NATO-nyň sammitine Erdogan üçin gatnaşýaryn