Prezident R. T. Erdogan, aradan çykan Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany Şyh Halif bin Zaýed Al Nahaýana Alladan rehnet diledi.
Prezident Erdogan, Stambulda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.
Erdogan “BAE-niň lideri Al Nahaýan uzak wagtdan bäri bejergi alýardy we şu gün aradan çykdy. Ýatan ýeri ýagty bolsun” diýdi.
BAE-niň resmi WAM habarlar gullugy 74 ýaşyndaky Al Nahaýanyň aradan çykandygyny habar beripdi.
Habarda, ýurtda şu günden başlap 40 günlük resmi ýasyň yglan edilendigi we baýdaklaryň ýarysyna çenli aşakladyljakdygy nygtaldy.
Ministrlikerde, döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalarda we hususy pudakda hem 3 gün işlere arakesme berlendigi ýatladyldy.
BAE-niň ilkinji döwlet baştutany Zaýed bin Soltan Al Nahaýanyň uly ogly Halif bin Zaýed kakasy ýogalandan soň onuň ýerine geçipdi.
