
Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Ysraýylda hökümedi gurmak wezipesi berilen Likud partiýasynyň başlygy Binýamin Netanýahu, Prezident Erdogana telefon arkaly jaň edip, Stambulda guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.
Binýamin Netanýahu mundan başgada Türkiyäniň Russiýa-Ukraina arasyndaky araçylyk tagallalarynyň dünýä üçin möhümdigini habar berdi.
Prezident Erdogan bolsa Binýamin Netanýaha gynanç bildirmek maksady bilen eden jaňyna minnetdarlyk bildirip, 2 gün ozal Günbatar Şeriada başdan geçirilen we Ysraýylyň 3 raýatynyň ýogalmagy bilen netijelenen waka sebäpli gynanç bildirdi.
Prezident Erdogan Ysraýyldaky saýlawyň netijeleriniň ýurt we sebit üçin düşümli bolmagyny diledi.
Türkiye bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklarda taraplaryň ikisiniň hem eýeleýän çemeleşmesi saýasynda täze bir döwüre gadam basýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, gatnaşyklary ikitaraplaýyn bähbitleriň esasynda duýgurlyklara hormat goýup dowam etdirmegiň we dowamly häsýetde güýçlendirmegiň umumy bähbitlerine laýykdygyny habar berdi.