Prezident Erdogan Bolgariýanyň Premýer-ministri Radewi kabul etdi

Prezident Erdogan Bolgariýanyň Premýer-ministri Radewi kabul etdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitine gatnaşmak üçin Ankara gelen Bolgariýanyň Premýer-ministri Radewi kabul etdi.

Erdogan bilen Radew kabul edilşikde, Türkiýe bilen Bolgariýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Bolgariýanyň arasynda söwda, goranyş senagaty we energetika pudagynyň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Bolgariýadaky türkleriň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagynda uly rol oýnaýandygyna ünsi çeken Erdogan, Bolgariýanyň hem mesele bilen ýakyndan gyzyklanmagyndan hoşaldyklaryny belledi.

Prezident Erdogan kabul edilşikde Bolgariýanyň Premýer-ministri Radewi Türkiýede geçiriljek JOP 31-iň liderler sammitine çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
Burhanettin Duran: Ankara howa menzili paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny güýçlendirer
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty geçirler
NATO-nyň Parlament Sammiti Stambulda geçiriler
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar