Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi

Häzirki wagta çenli Ysraýylyň Ankara şäherindäki ilçihanasynyň wekili wezipesini ýerine ýetiren we resmi Tel-Awiw tarapyndan ilçi hökmünde bellenen Irit Lillian Prezident Erdogan tarapyndan Prezidentiň Kompleksinde kabul edildi.

Irit Lillian ynanç hatyny Prezident Erdogana gowşuranyndan soň Türkiyedäki ilçi wezipesine resmi ýagdaýda başlady.

Şri-Lanka, Urugwaý we Gyrgyzystan döwletleriniň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri hem täze wezipelerine başlamazlaryndan ozal, ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Prezidentiň Kompleksine bardylar.

Erdogan Şri-Lanka döwletiniň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Saranýa Hasanthi Urugodawatte Dissanaýakeni, Gyrgyzystanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Kazakbaýewi we Urugwaýyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hýugo Kaýrusy aýry-aýry kabul etdi.

Ilçiler Prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Kabul edilşikden soň ilçiler bilen ýadygärlik surata düşüldi.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň gullugynyň başlygy Günbatar Şerianyň uruş zolagyna öwrülendigini duýdurdy
Hamas Ysraýylyň Ylalaşygyň Öňüne Bökdençlikler Goýýandygyny Beýan Etdi
Tel-Awiwde Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy
“ABŞ, Ysraýylyň Edýän Jenaýatlarynyň Şärigi”
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçar Gämisini Ugratdy