Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi

Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi

Paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde geçen kabul edilşige Bahreýniň Ankara şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed, Gwatemalanyň Ankara şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinos, Bosniýa-Gersegowinanyň Ankara şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mirsada Çolakowiç, Serbiýanyň Ankara şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aja Ýowanowiç prezident Erdogana ynanç hatlaryny berdiler.

Ilçileriň prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşuranlaryndan soň ýadygärlik surata düşüldi.

Prezident Erdogan soň bolsa ilçileri aýry-aýry kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Erdogan Türkiýäniň “Täze Aziýa Başlangyjynyň” çäginde Malaýziýa, Indoneziýa we Pakistana sapar edýär
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi
Germaniýanyň Prezidenti Ankarada Saparda Bolar
Prezident Erdogan Ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi