Prezident R. T. Erdogan, Türkiýede saparda bolan Estoniýanyň Prezidenti Alar Karisi bilen paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde duşuşdy.
Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen duşuşykdan soň iki lider metbugata beýannama berdi.
Prezident Erdogan beýannamasynda, özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny isleýändiklerini nygtady.
Prezident Erdogan “Jenap Prezident bilen aktual sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdyk. ÝB-ne doly agzalyk biziň strategik maksadymyzdyr. ÝB-niň Türkiýe meselesinde oňyn çemeleşmegi iki tarap üçin hem bähbitli bolar. Estoniýanyň bu meselede Türkiýä berýän goldawyny dowam etdirjekdigine ynanýaryn.
Duşuşykda Ukrainadaky söweşde ýetilen sepgit hakynda hem pikir alyşdy. Ukraina söweşi taraplaryň arasynda geçiriljek gepleşikler bilen bes edilip bilner.
Gazada başdan geçirilýän pajyga hem gün tertibimizde esasy orun eýeledi. Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän gyrgynçylygy global howpsuzlyga hem wehim salýar. Bu wagşyçylygyň jogapkärleri iru-giç adalatyň öňünde jogap bermeli bolar. Gazadaky adamzat pajygasynyň bes edilmegi üçin halkara jemgyýetçiligi içgin çemeleşmeli” diýip belledi.