Prezident Erdogan Gazagystanda resmi dabara bilen garşylandy

Prezident Erdogan Gazagystanda resmi dabara bilen garşylandy

Resmi sapar bilen Gazagystana giden Prezident Erdogan saparynyň çäginde ilki Garaşsyzlyk köşgüne bardy.

Erdogan Garaşsyzlyk köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew tarapyndan garşylandy.

Erdogan bilen Tokaýew resmi garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Iki kärdeş duşuşykdan soň Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy maslahatyna ýolbaşçylyk eder.

Erdogan bilen Tokaýew maslahatdan soň şertnamalara gol çekişlik dabarasyna gatnaşar we metbugata beýannama berer.

Prezident Erdogana Gazagystana guraýan resmi saparynda Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Bilim ministri Ýusuf Tekin, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Söwda ministri Ömer Bolat, Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran bilen Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasarlary ýoldaşlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Singapuryň Premýer-ministrini resmi dabara bilen garşylady
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidentiniň wekili Rodriges bilen duşuşdy
Burhanettin Duran: Ankara howa menzili paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny güýçlendirer
Burhanettin Duran: Gazada başdan geçirilýänler biziň ýadymyzda galar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sudanda saparda boldy