Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Stambulda juma namazyndan soň metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň Ýemene guraýan howa hüjümleriniň üstünde durup geçen Erdogan, bu edilýänleriň ählisiniň proporsional bolmadyk güýçdigini aýdyp: "Bu proporsional bolmadyk güýjiň ulanylmagy şol bir ýagdaýda Ysraýyl hem Palestinada edýär.

Eýran bu zatlardan nädip goranyp biljekdigini pikir edýär.Beýik Britaniýa bu tapgyrda ABŞ bilen bilelikde hemişe göçüm etdi, etmäge dowam edýär.Olar häzirki wagtda Gyzyl deňzi ganly köle öwürmek isleýärler. Ýemen Husiler bilen häzirki wagtda ähli güýçlerini ulanmak bilen sebitde hem ABŞ hem-de Beýik Britaniýa garşy gerek bolan jogaby berjekdigini aýdýar.

Bu meselede sähelçe arkaýyn bolmaga ýeriň ýokdugyny aýdýarlar" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan Günorta Afrika Respublikasynyň Gazadaky palestinanyň halkyna genosid edýändigini aýdyp, Ysraýyla garşy Gaagada Halkara Kazyýetde gozgan kazyýet işi bilen baglanşykly, netijäniň gowy boljakdygyna ynanýandygyny belledi.

Ysraýylyň özüni goramak üçin beýanat berýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Emma biziň beren resminamalarymyzyň ählisine Gaagada çynlakaý seredilýär. Häzirki wagtda biziň beren resminamalarymyz, esasan wizual resminamalar, şol resminamalar bilen Ysraýyl ýazgarylar" diýip nygtady.

Halkara kazyýetiň adalatyna ynanýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Häzirki wagtda Ysraýyl özüni goraýar. Özüni goramak bilen, elbetde goranmak hakda aýdýar.Bu nähili özüňi goramak.Ysraýyl bu ýerde gorananok, eýsem hüjüm bilen ýene-de bir gezek açyk tussaghana ýagdaýynda bolan Palestina garşy oktýabr aýynyň 7-sinden bäri sebiti ganly köle öwürdi.

Diňe şol ýerde 22-23 müň palestinalyny şehit etdiler" diýip aýan etdi.

Ozaldan Ysraýylyň Prezidenti Issak Gersogy bu nokatda has içgin çemeleşmede görendigini, emma soňky wagtlar onuň hem Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahuny görelde alýandygyny, örän tapawutly beýanatlar bermäge başlandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Taýyp Erdogana dilden hüjüm edip hiç zat gazanyp bilmezler.

sebäbi Taýýip Erdogany dilden hüjümler bilen ýeňip bilmezler, sebäbi biz hakykatyň tarapyndadyrys.Biz Allatagallanyň tarapyndadyrys, ezilenleriň tarapyndadyrys, ýöne olar zalymlyklary üçin gerek bolan zatlary edýärler.Ahyrynda men gowy boljakdygyna ynanýaryn.

Hiç wagt ezilenler ýeňilmedi, hemişe zalymlar ýeňildi" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri Gollandiýada protest edildi
Rabiei: Eýranyň ýerine Amerika çetleşendir
Ruhani: Eýran Amerika garşy näçelenji gezek ýeňiş gazandy
BMG Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna