Prezident Erdogan Ispan Şasy Bilen Duşuşdy

Prezident Erdogan Ispan Şasy Bilen Duşuşdy

Türkiýe-Ispaniýa 8-nji hökümetara sammite gatnaşmak üçin Ispaniýa giden Prezident R. T. Erdogan Şa Filip VI bilen duşuşdy.

Zarzuela köşgünde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, duşuşykda, Türkiýe bilen Ispaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar, Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylygy bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Türkiýe bilen Ispaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etjekdigine ynanýandygyny aýdan Erdogan, özara söwda mukdarynyň artdyrylmagynyň, goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň iki ýurt taýdan hem bähbitlidigine ünsi çekdi.

Ysraýylyň Palestinada eden gyrgynçylygynyň gysga wagtda bes edilmelidigini, Ispaniýanyň bu mesele boýunça edýän tagallasynyň we Palestina berýän goldawynyň möhümdigini nygtan Erdogan, bu etapda halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla edýän basyşyny artdyrmagynyň sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagynda uly rol oýnap biljekdigini belledi.

Prezident Erdogan duşuşykda Ispan Şasyny Türkiýä çagyrdy.

Prezident Erdogan soň bolsa Ispan Şasy Filip VI-nyň hormatyna beren agşam naharyna gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy
Prezident Erdogan Malaýziýa Gitdi
BMG-niň gullugynyň başlygy Günbatar Şerianyň uruş zolagyna öwrülendigini duýdurdy
Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy
Palestinaly 641 ýesir azat edildi
CAIR Maskyň Amerikaly musulman gumanitar kömek guramalaryny terror bilen baglanşdyrmagyny ýazgardy