Prezident Erdogan Malaýziýanyň Premýer-ministrine Togg Sowgat Etdi

Prezident R. T. Erdogani Malaýziýanyň Premýer-ministri Enwer Ibrahime Türkiýäniň ýerli elektromobil ulagy Toggy sowgat etdi.

Aziýa ýurtlaryna guraýan resmi saparynyň çäginde Malaýziýada saparda bolan Erdogan, Premýer-ministr Enwer Ibrahim bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan duşuşykda Enwere “Pamukgala agy” reňkli Togg sowgat etdi.

Prezident Erdogan, Malaýziýanyň we Türkiýäniň baýdaklary bilen ulagyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşan çagalar bilen ýakyndan gyzyklandy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan we Enwer Türkiye-Malaýziýa hyzmatdaşlygynyň çuňlaşjakdygyny aýtdylar
Prezident Erdogan Malaýziýada Saparda Bolýar
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Annapurna depesinde dikildi