Prezident Erdogan Putin bilen duşuşygy başlady

Prezident Erdogan Putin bilen duşuşygy başlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Russiýanyň Soçi şäherindäki duşuşygy başlady.

Erdogan Soçi şäherinde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşyk geçirýär. Gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Siriýa meselesi bolar.

Erdogan ilkinji nobatda Tel Rifatdadaky we Manbijdäki PKK degişli pozisiýalara ünsi çeker. Astana ylalaşyklaryna laýyklykda terror toparlarynyň ortadan aýrylmagynyň möhümdigini nygtar.

Prezident Erdogan Russiýa tarapyndan gözegçilik edilýän etraplardan soňky döwürde Türkiýä guralýan hüjümlerden duýulýan biynjalyklygy beýan eder we hüjümleriň öňüniň alynmagyny islär.

İdlibden we Siriýadan täze bosgun tolkunyň emele gelme howpy boýunça pikir alyşyljak duşuşykda, Liwiýa, Owganystan ýaly aktual we sebitleýin meseleler seljeriler. Aýratynam Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary boýunça pikir alyşylar.

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde Milli howpsuzlyk guramasynyň Başlygy Hakan Fidan, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary İbrahim Kalyn hem Soçi şäherine gitdiler.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi
Siriýada Terror Guşagy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Soçi Şäherine Gitdi
TBMM-niň başlygy Şentop Çernogoriýa bardy
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopyň Çernogoriýa sapary dowam edýär