Prezident Erdoğan: Sammitden güýçli netije çykararys

Prezident Erdoğan: Sammitden güýçli netije çykararys

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Ankarada geçiren duşuşygy hakynda maglumat beren Prezident Erdogan “Gadyrly dostum bilen (Tramp) Ankarada duşuşmakdan hoşal. Trampyň sapary biziň güýjümize güýç goşar. Bu saparyň nähili möhümdigini aýratyn bellemek isleýärin” diýdi.

Sebitara durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän diplomatik tagallalar barada durup geçen Erdogan “Eýran-Amerika gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin tagalla edýäris. Dünýäde durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýäris”diýip belledi.

Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar we sebitara parahatçylyk barada durup geçen Prezident Erdogan; “Hormatly dostum bilen (Tramp) pikir alyşyp, sebitdäki parahatçylygy ýola goýmak üçin Liderler sammitiniň möhüm ähmiýete eýedigini pikir edýärin” diýdi.

“F-35 biziň üçin täze bir mesele däl”

F-35 meselesi hakda-da durup geçen Erdogan, meseläniň geçmişine ünsi çekip; “F-35 biziň üçin täze bir mesele däl we ony biz Amerika bilen ara alyp maslahatlaşdyk hem-de bize 5 uçar üçin sözem berdiler” diýdi. Sammitden garaşýan netijelerine ünsi çeken Erdogan; “Enşalla F-35 meselesinde şu Liderler sammitinden düşümli netije çykar diýip tama edýärin” diýdi.

“Russiýa-Ukraia meselesine görä başlangyçlar ederis”

Duşuşykda garaljak beýleki sebitleýin meseleler hakda-da durup geçen Erdogan Tramp bilen Russiýa-Ukraina arasyndaky wakalary hem seljereris, ara alyp maslahatlaşarys, şoňa görä hem başlangyçlar ederis” diýdi.

“Sammitden güýçli netije alarys”

NATO-nyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çeken Prezident Erdogan; “NATO-nyň iki esasy ýurdy hökmünde Liderler sammitinden arkalaşykly güýçli netije alarys we onuň hötdesinden geljekdigimize ynanýarys” diýip, sözlerini jemledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
Tramp: “Şu gije Eýrana uly hüjüm gurap bileris”
Rubio: “Tramp Türkiýede geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşar”
ABŞ Türkiýä reaktiv uçaryň hereketlendirijisiniň satuw tapgyryny ýeňilleşdirýär
Tramp: Türkiyedäki NATO-nyň sammitine Erdogan üçin gatnaşýaryn
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ankarada geçirjek duşuşyklary belli boldy