Prezident Erdogan Slowakiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Prezident Erdogan Slowakiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan NATO-nyň liderler sammitine gatnaşmak üçin Ankara gelen Slowakiýanyň Prezidenti Peter Pellerpini bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe-Slowakiýa gatnaşyklary bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan duşuşykda Türkiýe bilen Slowakiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmeginiň iki ýurt taýdan hem bähbitli boljakdygyny nygtady.

Erdogan NATO-nyň Ýewropa ganadynyň güýçlendirilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Eýrandaky we Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi üçin Türkiýe hökmünde tagalla edýändiklerini aýdan Erdogan, Gazada durnuklylygyň, we asudalygyň ýola goýulmagy, gumanitar krizisiň ortadan aýrylmagy üçin hem uly tagalla edýändiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
Slowakiýanyň Prezidenti NATO sammitinde Erdogan tarapyndan sowgat edilen sapançany görkezdi.
NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
Burhanettin Duran: Ankara howa menzili paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny güýçlendirer
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty geçirler
NATO-nyň Parlament Sammiti Stambulda geçiriler