
Prezident R. T. Erdogan, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakisiň myhmany hökmünde we Türkiýe-Gresiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün resmi sapar bilen Gresiýa gider.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan bilen Gresiýanyň Premýer-ministri Mikotakisiň ýolbaşçylygynda, degişli ministrleriň gatnaşmagynda paýtagt Afinida geçiriljek Türkiýe-Gresiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar, özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy meselesi seljerler.
Saparyň çäginde özara gatnaşyklar bilen birlikde aktual sebitara we halkara meseleleriň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.