Prezident Erdogan TJG Anadoly gämisini Harby-deňiz güýçlerine gowşurmak dabarasyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň maý aýynda deňize çykarylan we 2022-nji ýylyň iýun aýynda deňiz kabul ediş synaglaryna başlanan TJG Anadoly Köp maksatly amfibiýa hüjüm gämisi, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagyndaky Stambul şäheriniň Tuzla etrabynda geçirilen dabara bilen Harby-deňiz güýçleri serkerdeligine gowşuryldy.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda: "Bu gämä Türkiye Asyrynda sebitinde lider we dünýäde agalyk ediji bir ýurt ýagdaýyny berkitjek bir simwol hökmünde garaýarys" diýip belledi.

Prezident Erdogan: "TJG Anadoly gämisini Stambul şäheriniň Sirkeji etrabyna çekeris. Halkymyzyň gämä gezip görmegini, gezelenç etmegini we bu buýsanjy öz başlaryndan geçirmeklerini isleýäris" diýip nygtady.

Dünýäde şu ululykda gämä eýe bolan 12 döwlet bar.

TJG Anadoly gämisi ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň üstüne gonup we onuň üstünden uçup biljek ilkinji gämi bolar. Onuň üçin bolsa Baýkar kärhanasy tarapyndan ganatlary eplenýän Baýraktar TB3 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary özgerdilýär.

Gämidäki ýarag ulgamlary, söweş dolandyryş ulgamy, elektron söweş ulgamlary, infragyzyl gözleg we gözegçilik ulgamy, elektro-optiki gözleg ulgamy, lazer duýduryş ulgamy, torpedo gorag ulgamy, radarlar, aragatnaşyk ulgamlary, nawigasiýa ulgamlary, maglumat paýlaýyş ulgamlary ýerli we milli mümkinçilikler bilen özgerdildi.

Gämi zerur bolan mahaly tebigy apat zamanynda ulanylyp biliner.

231 metr uzynlyga we 32 metr giňlige eýe bolan TJG Anadoly gämisiniň palubasynda 10 dikuçar ýa-da 11 sany ýaragly uçarmansyz howa ulagy ýerleşip bilýär, angarda bolsa 19 dikuçar ýa-da 30 ýaragly uçarmansyz howa ulagy daşap bolýar. Gäminiň düzüminde 1223 işgär bolar.

Gämi ulag palubasynda 13 tank, 27 sowutly amfibiýa hüjüm ulagyny, 6 sowutly pyýada goşun daşaýyjy ulagy, 33 tapawutly ulagy, 15 treýler bolmak bilen jemi 94 ulag daşap bilýär.

Ýene degişli makalalar

TJG Anadoly gämisi halk köpçüligine açylar
TJG Anadoly gämisi bir hepdäniň dowamynda raýatlara açyk bolar
"Dynamik Manta 2023" atly harby türgenleşik başlady
Milli Goranmak ministrligi "Hyzyr Reis" suwasty gämisiniň işe girişendigini habar berdi
TJG Anadoly gämisi Türkiyäniň Harby-deňiz güýçlerine gowşuryldy
Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar