Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali Zeýdi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali Zeýdi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali Zeýdi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Yragyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem sebitleýin we global meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan bu täze döwürde Türkiye bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek isleýändiklerini we esasanam energiýa, goranmak senagaty we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali Zeýdini giňişleýin maslahatlar üçin Türkiyä sapar guramaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Zeýkeşleri çekmek we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar
Owazy kalplaryň baky myhmany
Milli tennisçi Zeýnep Sönmez, dünýä sanawynda ilkinji 50-lige girdi
Hakan Fidan, Yragyň Ýokary Adalat Geňeşiniň Başlygy Bilen Duşuşdy
Halap şäherinde ÝPG terrorçylaryna garşy operasiýa başladyldy