Prezident Erdogan “Ysraýyl Eýran söweşinden jogapkär” diýdi

Prezident Erdogan “Ysraýyl Eýran söweşinden jogapkär” diýdi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, çarşenbe güni paýtagt Ankarada Adalat we ösüş partiýasynyň mejlis toparynda eden çykyşynda sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Eýran söweşinden Ysraýylyň jogapkärdigini aýdan Prezident Erdogan, Ysraýylyň sebiti ýangyn ýerine öwürendigini we bütin dünýäniň ykdysady taýdan uly ýitgi çekmegine sebäp bolandygyny nygtady.

Prezident Erdogan “Söweşde dökülen her damja ganyň jogapkäri Binýamin Netanýahu ýatdan çykarylmaly däl” diýdi.

Prezident Erdogan söweşiň bes edilmegi we sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye, Prezident Erdogana garşy aýdan sözleri sebäpli Netanýahuny ýazgardy
Prezident Erdogan Omanyň Soltany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan: Netanýahunyň "terrorçylygy" parahatçylygy howp astyna salmagyny dowam etdirýär
Hakan Fidan: Türkiye Eýranda raýat urşuny öjükdirjek islendik meýilnama garşydyr
Netanýahu Müsüriň harby taýdan güýçlenmegine alada bildirýär
Daniýa ABŞ-nyň Halkara Jenaýat Sudunyň sudýalaryna garşy sanksiýalaryna gynanç bildirdi