Prezident Erdogan Çanakgala Aýwajyk-Küçükkuýu ýoly bilen Assos we Troýa tunelleriniň açylyşyny ýerine ýetirdi.
Açylyş dabara Prezidentiň kompleksinden göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, dabarada söz sözlän Prezident Erdogan: "Açylyşyny ýerine ýetirýän Aýwajyk-Küçükkuýu ýoly bilen ozal 50 minut dowam eden ýolagçylygyň, 5 minuda çenli azalmagy bilen hem wagt, hem ýangyç, hem zyňyndydan aljak girdejimiz ýylda 133 million lira barabar bolar" diýip habar berdi.
Ussat küştçiniň takyklygy bilen ýurduň gelejek asyryny meýilleşdirýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Respublikamyzyň esaslandyrylmagynyň 100-nji ýylyny adaty ýagdaýda belläp geçmekden öte, Türkiýäniň Asyry göçümi bilen belläp geçmäge taýarlyk görýäris. Ozal milletimizi nähili ýagdaýda 2023-nji ýyldaky maksatlaryna ýetiren bolsak, nesip bolsa mundan soň Türkiýäniň Asyry programmamyz bilen 2053-nji maksatnamamyzyň gurluşygyna başlarys" diýip nygtady.
Soňky 20 ýylda Türkiyäni iň beýikleriň arasynda goşmak üçin gerek bolan infrastrukturany döredendiklerini, Aýwajyk-Küçükkuýu ýoly bilen Troýa we Assos tunelleri bilen birlikde täze bir maksatnamanyň ýola goýulandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Bir tarapdan eser we hyzmat syýasatymyzyň önümi bolan şol taslamalarymyzyň gurluşygyny we açylyşlaryny arakesme bermeden dowam etdirýän bolsak, beýleki tarapdan täze bir maksatnamamyzy düzýäris. Şol maksatnama Türkiýäniň her bir şäherini, milletimiziň her bir agzasyny, olar bilen birlikde ähli dostlarymyzyň we doganlaryyzyň arzuw-hyýallaryny, tamalaryny we ertirki günlerini öz içine alar.
Hemişe aýdyşymyz ýaly Türkiye hiç wagt görünýän serhetlerinden ybarat bir ýurt däldir.Biziň köňül serhedimiz ata-babalarymyzyň üç materik we ýedi yklym diýip taryp edişi ýaly ululykdadyr" diýip nygtady.
