Prezident Erdogana Duýgudaşlyk Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär

Prezident Erdogana Duýgudaşlyk Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Prezident R. T. Erdogana telefon edip, ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Ursula fon der Laýen bilen Çarles Mişel ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi, ýaralananlara şypa diledi.

Beýannamada, Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbunyň, Senegalyň Prezidenti Maky Salyň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň, Yragyň Prezidenti Abdullatif Reşidiň, Yragyň Premýer-ministri Şiýa as Sudanyň we Sudanyň Özygtyýarlyk geňeşiň başlygy Abdulfettah al Burhanyň Prezident R. T. Erdogana telefon edip, ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirendigi, ýaralananlara şypa diländigi nygtaldy.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Başlygy Mesut Barzani hem Prezident Erdogana telefon edip ýer titremesi zerarly duýgudaşlyk bildirdi.

Güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesi “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirilýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Prezident Erdogan, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Başlygyny Kabul Etdi
Prezident Erdogana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär
Prezident Erdogan, Mesrur Barzanini Kabul Etdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder