Prezident Erdogana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär

Prezident Erdogana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär

Birnäçe ýurduň lideri, Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda gazanan üstünligi mynasibetli Prezident R. T. Erdogany gutlady.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Prezident Erdogana telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

Wiktor Orban, täze döwüriň türk halky üçün düşümli bolmagyny diledi.

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun, Prezident Erdogana telefon edip gaýtadan bu wezipä saýlanmagy bilen gutlady we saýlawyň netijesiniň türk halky üçün düşümli bolmagyny diledi.

Somaliniň Prezidenti Hasan Şyh Mahmud, Prezident Erdogana telefon edip saýlaw ýeňişi bilen gutlady.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow hem Erdogana telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde saýlawyň netijesiniň türk halky üçün düşümli bolmagyny diledi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Başlygy Neçirwan Barzani bilen Bangladeşiň Premýer-ministri Şyh Hasina Wejid hem Prezident Erdogana telefon edip saýlaw ýeňişi bilen gutlady.

Italiýanyň Premýer-ministri Meloni, Bahreýiň Şasy Al Halife bilen BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Gutereş hem Prezident R. T. Erdogana telefon edip gaýtadan bu wezipä saýlanmagy bilen mähirli gutlady.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Tanzaniýanyň Prezidenti Bilen Duşuşar
Prezident Erdogan, BAE-niň Döwlet Ýolbaşçysy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny