Prezident krizisden tiz wagtda çykmak barada maksatnamany taýýarlamagy hökümete tabşyrdy

Prezident krizisden tiz wagtda çykmak barada maksatnamany taýýarlamagy hökümete tabşyrdy

4-nji iýunda prezident Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda halkhojalygy toplumyna girýän pudaklaryň 5 aýdaky işleriniň netijeleri jemlendi diýip, TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Premýer-ministriň ykdysadyýet we maliýe boýunça orunbasary Gadyrgeldi Müşşikowyň hasabatyna görä, geçen bäş aýda IHD 6,1 göterim, önümçilik önümleri 5,3 göterim we bölekleýin haryt dolanşygy bolsa, 17,5 göterim ösdi.

Şu ýylyň ilkinji bäş aýynda döwlet býujeti 20,4 göterimden köp girdeji gazandy, çykdajylar bolsa, 7,8 göterimden az boldy.

Şeýlede Müşşikow 52 sany desganyň hususylaşdyrylandygyny habar berdi.

Onuň hasabatyny diňlän Berdimuhamedow Müşşikowa 2022-nji ýylyň döwlet býujetiniň taslamasyny, tiz wagtda ykdysady krizisden çykmak,ondan öňki görkezijileri gazanmak barada ykdysady maksatnamany taýýarlamagy Müşşikowa tabşyrdy.

Mundan başgada, prezident saglygy saklaýyş we sosial üpjünçilik pudaklaryna ýeterlik sermaýalar ýatyrylmaýandygyny tekrarlady.

Ol çinownige döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmagy dowam etdirmegi, olary paýdarlar jemgyýetine öwürmegi, şeýlede aýlyklaryň wagtynda tölenişine berk gözegçiligi hem tabşyrdy.

Emma, ähli hasabatlary diňlän prezident bäş aýyň netijeleri dünýä ykdysady krizisine garamazdan, ýurdyň yzygiderli ösüşiniň dowam edýändigini görkezýär diýip, orunbasarlaryna aýtdy.

2022-nji ýylyň döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak meselesine Halk Maslahatynyň 26-njy maýdaky mejlisinde garalypdy.The post Prezident krizisden tiz wagtda çykmak barada maksatnamany taýýarlamagy hökümete tabşyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Senagat paýdarlar-täjirçilik bankyna täze ýolbaşçy bellenildi
GDA-nyň hökümet ýolbaşçylary söwdanyň sanlylaşdyrylmagyny maslahatlaşarlar
Intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Türkmenistanyň Pudagara topary döredildi
Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler
Berdimuhamedowa içerki bazaryň ýerli azyk önümleri bilen üpjün edilendigi barada hasabat berdiler
Türkmenistanda intellektual eýeçilik obýektlerini goramak boýunça pudagara topary dörediler