Prezident saýlawlary geljek ýyl geçiriler

Prezident saýlawlary geljek ýyl geçiriler

Gyrgyzystanda nobatdaky prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriler. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär. Prezident Sadyr Žaparow ýurduň saýlaw kanunçylygyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda konstitusion kanuna gol çekdi. Täze resminama laýyklykda, döwlet Baştutanynyň nobatdaky saýlawlary häzirki Prezidentiň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýan ýylynyň ýanwar aýynyň dördünji çarşenbe gününde geçiriler.

Şeýle hem kanuna laýyklykda, ýurduň parlamentiniň deputatlarynyň saýlawlary häzirki çagyryşyň konstitusion ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýan aýynyň çarşenbe gününde geçiriler. Kanun resmi taýdan çap edilen gününden başlap güýje girýär.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa üçin bitewi syýahatçylyk wizasyny teklip etdi
Prezident Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar edýär
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň liderleri “Çolpon-Ata” Jarnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
Adylbek Kasymaliýew Gyrgyzystanyň täze Premýer-ministri boldy
Dünýä Ýurtlary Liža Merkezinde Bolan Ýangyna Gynanç Bildirýär