26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ofiserler öýünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalynyň harby mekdebe gowşyrylmagyna bagyşlanan dabara boldy. Bu mekdebiň Berdimuhammet Annaýewiň adyny göterýändigi habar berilýär.
TDH-nyň ýazmagyna görä, Ofiserler öýünde döwlet baştutanynyň kitaplary goýlan sergi we Berdimuhammet Annaýewiň ömür ýoly hakynda gürrüň berýän diwarlyklar hem açyldy.
24-nji sentýabrda RF-nyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin prezident Gurbanguly Berdimuhmaedow atasy Berdimuhammet Annaýewiň sylaglanan “Edermenligi üçin” diýen medalyny gowşurdy. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Annaýewi medal bilen sylaglamak kararyna 2018-nji ýylyň 9-njy maýynda gol çekildi.
Berdimuhammet Annaýewiň medal bilen sylaglanandygy 28-nji iýunda, Türkmenistanyň prezidentiniň doglan gününiň öň ýanynda yglan edildi.