Prokurorlar kärendeçileri gyssaýar. Prezident Hasyl toýuny uludan tutmagy tabşyrýar

Prokurorlar kärendeçileri gyssaýar. Prezident Hasyl toýuny uludan tutmagy tabşyrýar

Balkan welaýatynyň Bereket, Gyzylarbat etraplarynda gowaça ekip, bergili çykan kärendeçiler jogapkärçilige çekilýär. Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy garaşylýan pagta hasylyny alyp bilmedik kärendeçileriň garşysyna derňew işleriniň açylyp başlanandygyny habar berýär. Kärendeçiler hasylyň suw ýetmezçiligi sebäpli ýitirilendigini aýdýarlar. Prezident her ýylyň noýabrynda bellenýän Hasyl toýuny ýokary gurmaçylykda geçirmegi tabşyrýar.

Prokuratura derňewi bilen ýüzbe-ýüz bolan birnäçe kärendeçiniň biri-birinden aýratynlykda, anonimlik şertinde beren gürrüňine görä, suw ýetmezçiligi sebäpli ýitirilen ýa a alynmadyk hasyl üçin döwlet zyýan çeken hojalyklardan hasap soraýar.

Öňki ýyllaryň tejribesine görä, bu hili derňewler adatça kärendeçileriň döwletden alan dökünleri, tohumlary, tehnika kömegi we beýlekiler üçin jerime tölemegi bilen tamamlanýar.

Türkmen häkimiýetleri gurak gelen ýyl, suw ýetmezçiligi ýa-da beýleki sebäpler esasynda zyýana galan kärendeçiler, olara salynýan jerimeler, jerimesini töläp bilmedik raýatlaryň düşýän ýagdaýy barada açyk maglumat bermeýär.

Pagtaçy kärendeçileriň derňewe çekilýän wagty türkmen wekilleriniň Ženewada Köpugurly döwürleýin syn baradaky iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan boýunça geçirilýän 4-nji syna gatnaşýan wagtyna gabat geldi.

Halkara hukuk toparlary Aşgabady pagtaçylykdan giňden ulanylýan mejbury zähmetden ýüz öwürmezlikde tankyt edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, pagtaçylykda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy alnyp barylýan kampaniýanyň bir bölegi hökmünde, “Anti-Slavery International” guramasy Türkmenistandaky pagta gulçulygy barada döreden wideosyny ýaýratdy.

Türkmenistanda alnyp barylýan pagtaçylyk syýasaty, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, oba adamlarynyň garyp düşmegine, oba çagalarynyň köpüsiniň sowatsyz galmagyna sebäp bolýar.

Şeýle-de, hünärmenler gowaçanyň köp suw talap edýändigini, emma suwuň diňe Türkmenistanda däl, tutuş sebitde uly meselä öwrülmek ahtimallygynyň bardygyny aýdýarlar.

2023-nji ýylyň daýhanlar üçin ýene bir agyr ýyl boljakdygy ýyl başynda çaklanyldy.

“Bereket suw howdanynyň suwunyň derejesi bu ýyl nola düşdi. Suw inženerleri, agronomlar pagtadan garaşylan hasylyň bolmajakdygyny, daýhanlaryň zyýana galjakdygyny ýyl başynda aýtdylar” diýip, prokuratura çagyrylan kärendeçi aýtdy.

Gyzylarbat etrabynyň oba hojalyk ýagdaýlaryny gowy bilýän çeşmäniň beren maglumatyna görä, Ýaşlyk geňeşliginiň daýhan birleşikleriniň gowaça eken kärendeçileriniň 70% çemesi bergili çykdy.

“Kärende ýerleriniň iň azyndan 10 gektara ýetirilmegi döwlete berilmeli berginiň hem köp bolmagyna sebäp bolýar, adamlaryň bu bergini nädip üzjegini bilmeýärin” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ynamdar çeşme aýtdy.

Ýaşlyk geňeşliginiň çägindäki 2-nji toparyň kärendeçisi anonimlik şertinde gürleşen kärendeçisi özüniň 10 gektar ýeriň sürümi, döwletden alan tohumy, döküni, suw, hatarara bejergiler we beýleki tehnika hyzmatlary, himiki dermanlar üçin döwlete 6 müň manat bergili çykandygyny aýtdy.

“Prokuror her gün diýen ýaly “puly tap, ýerine goý” diýip gyssaýar. Daýhanyň ýagdaýyna düşünjek bolmaýar” diýip, kärendeçi prokuroryň özi bilen gödek, kemsidiji äheňde gürleşýändigini, pagta planyny dolan üç-dört adamy mysal getirip, özüni galplykda aýyplandygyny gürrüň berdi.

Kärendeçiniň sözlerine görä, prokuror oňa “Näme üçin plany dolmadyň? Körek ogurladyňmy? Dökünleri ogurlap, başga birine satdyňmy? Gijelerine ekiniň içinde mal bakdyňmy? Ýa pagtaňy ýygyp, hususy taraplara satdyňmy?” diýen ýaly soraglary beripdir.

Azatlyk bilen gürleşen daýhanlar hukuk edaralarynyň wekilleriniň hemişe kärendeçileri günäkärläp, döwleti öwýändiklerini, her nähili ýagdaý bolanda hem kärendeçiniň günäkär bolup çykýandygyny gürrüň berýärler.

Türkmen metbugaty daýhanlaryň ýokary hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini tekrarlaýar. Daýhanlar bolsa suw, tehnika, dökün meseleleriniň hemişe diýen ýaly wagtynda we doly çözülmeýändigini öňe sürýärler.

Şu aralykda türkmen prezidentiniň obasenagat toplumyna jogap berýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirendigi habar berildi.

6-njy noýabrda geçirilen maslahatda ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky übtügine çenli ýygnalýandygy habar berildi.

TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işlerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hasyl toýlarynda, adatça, oba hojalyk ekinlerinden uly hasyl alnandygy aýdylýar we tapawutlanan oba hojalyk işgärleri sylaglanýar, emma zyýan çeken adamlar, oba, etrap ýerlerinde dörän agyr ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Prokurorlar kärendeçileri gyssaýar. Prezident Hasyl toýuny uludan tutmagy tabşyrýar
Germaniýa, Hollandiýa YD bilen ilteşikli 9 adamy, şol sanda bir türkmenistanlyny tussag etdi
Alen Delonyň öýünde köp sanda ýarag ele salyndy
12.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY