Puşpa Kamal Dahal Nepalyň Hökümet başlyklygyna saýlandy

Puşpa Kamal Dahal Nepalyň Hökümet başlyklygyna saýlandy

Nepalyň Prezidenti Bidhýa Dewi Bhandari düýn, ýekşenbede ýurduň Kommunistik partiýasynyň başlygy Puşpa Kamal Dahaly Hökümet başlyklygyna belledi. Bu barada The Himalayan Times gazeti Prezidentiň diwanyna salgylanyp habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Prezident Dahaly Parlamentiň Wekiller palatasynda deputatlaryň köplüginiň sesini alandan soň bu wezipä belledi diýlip habarda aýdylýar. Täze Premýer-ministr şu gün, 26-njy dekabrda kasam kabul eder.

68 ýaşly Dahal öň kommunistçi gozgalaňçylara baştutanlyk edipdi we Ýoldaş Praçanda diýen at bilen bellidi.

Syýasatçy eýýäm üçünji gezek Nepalyň hökümetine ýolbaşçylyk edýär. Ol öň bu wezipäni 2008-2009-njy hem-de 2016-2017-nji ýyllarda eýeläpdi.

Ýene degişli makalalar

Nepalda ýolagçy uçary ýere gaçdy
Nepalda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady
Üçünji gezek Nepalyň Premýer-ministri boldy
Nepaldaky uçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýer titremesine gynanç bildirdi