Putin, 36 Sagat Möhlet Bilen Hüjümleriň Bes Edilmegi Barada Görkezme Berdi

Putin, 36 Sagat Möhlet Bilen Hüjümleriň Bes Edilmegi Barada Görkezme Berdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Goranmak ministrligine, Ukrainada şu gün ýerli wagt bilen 12.00-dan başlap 36 sagat möhlet bilen hüjümleriň bes edilmegi barada görkezme berdi.

Kremlden berlen ýazmaça beýannamada, Wladimir Putiniň, Goranmak ministrligine, prowaslawlaryň täze ýyly mynasibetli “Ukrainada hüjümleriň wagtlaýyn bes edilmegi” barada görkezme berendigi nygtaldy.

Beýannamada, hüjümleriň 6-njy ýanwarda sagat 12.00-dan başlap 36 sagat möhlet bilen bes ediljekdigi bellenildi.

Beýannamada, “Prowaslawlaryň täze ýylda dini dabaralara gatnaşmagy üçin Ukraina hem hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýäris” diýildi.

Rus Prowaslaw buthanasynyň lideri Patrik Kirill hem ýanwar aýynyň 6-7-si aralygynda prowaslawlaryň täze ýylynda Ukrainada hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş beripdi.

Ukraina tarapy bolsa çagyryşy kabul etmeýändiklerini mälim etdi.

Ukraina tarapyndan berlen beýannamada “Russiýa basyp alyşlyk astyndaky ýerlerini terk eden halatynda hüjümler wagtlaýyn bes ediler” diýildi.

Rus esgerleri 24-nji fewralda Ukraina hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi
Kreml: ABŞ bilen Ukraina boýunça geçirlen gepleşikler peýdaly, emma uly gapma-garşylyklar bar
Zelenskiý Russiýany urşy uzaltmaga synanyşmakda aýyplady we howpsuzlyk kepilliklerini talap etdi
Ukraina Floridada netijeli gepleşikler geçirdi
Russiýanyň goşunynyň Ukraina guraýan hüjümleri dowam edýär
Lawrow: "Günbatar Russiýa garşy gibrid söweş başlatdy" diýdi
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy