Putin älem giňişligine ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine garşydyklaryny aýtdy

Putin älem giňişligine ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine garşydyklaryny aýtdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wlaidmir Putin paýtagt Moskwa şäherinde Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen geçiren maslahatda beýannama berdi.

Rus goşunynyň Donetsk sebitindäki Awdeýewka şäherini "üstünlikli ýagdaýda" gözegçilik astyna alandygyny aýdan Putin: "Şol üstünligiň has hem ösdürilmegi hökmany. Ol ädimler gowy taýýarlanmaly we işgärler, ýaraglar, enjamlar we ok-däriler bilen kepillik astyna alynmalydyr" diýip beleldi.

Putin Krynki obasynyň rus goşunynyň gözegçiligine geçendigini habar berdi.

Ukraina babatynda gepleşikleri ret etmeýändikleirni aýdan Putin: "Biz hemişe gepleşikleriň tarapdary boldyk. Dialogy bes etmeýändigimizi eýýäm ýüzlerçe gezek aýtdym. Londonyň we Waşingtonyň göni görkezmesi boýunça gepleşikleri kesen tarap Ukraina boldy" diýip mälim etdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wlaidmir Putin ABŞ-nyň metbugatynda berilen "Russiýanyň äleme ýadro ýarag ýerleşdirmegi meýilleşdirýändigi" baradaky öňe sürmeleri barada bolsa: "Biziň tutumymyz açyk we aýdyňdyr. Älem giňişligine ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine elmydama garşy bolduk we häzirki wagtda hem garşy çykýarys.

Diňe bu ugurdaky bar bolan şertnamalary ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, bilelikdäki işleri güýçlendirmek boýunça birnäçe gezek teklip hödürledik" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Möhüm minerallar boýunça C5+1 görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi
Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi