Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.
Erdogan, öňňin Soçide Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen giň gerimli we netijeli duşuşyk geçirendiklerini nygtap, “Russiýa-Ukraina söweşiniň dowam edýän, Galla geçelgesi ylalaşygynyň başda durmagynda birnäçe meseläniň gün tertibinde esasy orun eýeleýän döwründe geçirlen duşuşyga dünýä ýurtlarynyň kanagatlanma bildirýändigine ynanýaryn” diýdi.
Yrakda we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçen Erdogan, “Yragy we Siriýany öz içine alýan geografiýada 1000 ýyllyk, 1500 ýyllyk demografik hakykatlara üns berilmezden sebitde parahatçylygyň ýola goýlup bilinmejekdigine hemmeler göz ýetiren bolsa gerek” diýdi.
Prezident Erdogan, Siriýada ABŞ-na birnäçe gezek ekstremist terror guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmezligi, terror guramasy bilen edýän hyzmatdaşlygynyň hem öz bähbidine hem-de sebitiň bähbidine zeper ýetirjekdigi barada duýduryş berendiklerini, soňky günlerde başdan geçirlen wakalaryň aladalary we durduryşlary meselesinde mamladyklaryny açyk aýdyň görkezýändigini nygtady.